SOŇKY HABARLAR
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşykly...
Hormatly Raýatlar!
Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediýalarda) daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada be...
В Астане проходит выставка рукописей в честь 300-летия Махтумкули Фраги
С 23 октября 2024 года Посольство Туркменистана в Республике Казахстан совместно с казахстанским филиалом Гуманитарной ассоциацией туркмен мира организовали работу выставки, посвященная к 300-летию со дня рождения великого мыслителя и туркменского поэта Махтумкули Фраги в студии национальных туркменских ковров в Астане, Казахстан. На выставке представлены книги Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, а также Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Гурба...
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 79 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Aşgabat şäherindäki BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. BMG-niň abraýly we kanuny ählumumy halkara forum, parahatçylygy goramagyň we pugtalandyrmagyň kepili hökmünde, şeý...
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy. Kararnamany hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen taslamany goldandyklary üçin BMG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirdi we 202...
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-meksikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi we oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Halkara düzümleriniň,...
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady. Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda...