RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY TAMAMLANDY

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr et...

DOWAMY
pic
27 Mar

BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi. Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Forumyň a...

DOWAMY
pic
13 Few

GERMANIÝADA TÜRKMEN-GERMAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germa...

DOWAMY
pic
13 Few

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary

2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar.  Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...

DOWAMY
pic
12 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GH WE GÝJHF-NYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...

DOWAMY
pic
11 Few

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...

DOWAMY
pic
8 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...

DOWAMY