RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ STRATEGIK BILIMLER WE BARLAGLAR MERKEZINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji direktory jenap Halid Al Suwaidininiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky bar bolan ýokary derejeli hyzmatdaşlygy bellediler hem-de ylym ulgamyndaky milli kanunçylygyň meselelerine we bu ugurdaky tejribeleri paýlaşmagyň mümkinçil...

DOWAMY
pic
30 Maý

TÜRKMEN-EÝRAN GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNDA DESGALARYŇ GURULMAGY BILEN BAGLY IŞLER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşar...

DOWAMY
pic
29 Maý

RF-YŇ ASTRAHAN OBLASTY BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar RF bilen gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýän, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürl...

DOWAMY
pic
29 Maý

SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täj...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşy...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň adyna ýollan salamlaryny, hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski ukrain tarapynyň Türkmenista...

DOWAMY
pic
28 Maý

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn brifing geçirildi.

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy bilen M.Auzowyň adynyndaky Günorta Gazagystan Döwlet Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn brifingi geçirildi. Brifinge uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýörite çagyrylan hünärmenler gatnaşdy. Çäräniň başynda uniwersitetiň birinji prorektory K.E.Nurmanbetow söz sözläp, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk modeliniň dünýäde parahatçylygy w...

DOWAMY