RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Iýun

Переговоры между главами двух дружественных государств

11 июня 2024 года в рамках двухдневного государственного визита главы Республики Корея в Туркменистан состоялись переговоры на высшем уровне между Президентами Сердаром Бердымухамедовым и Юн Сок Ёлем. В Международном аэропорту туркменской столицы, где на флагштоках были подняты Государственные флаги двух стран и выстроен почётный караул, главу дружественной страны встретили официальные лица. Во второй половине дня высокий гость в сопровождении почётного эскорта мотоциклистов проследовал к...

DOWAMY
7 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammet Bahr Al-Ulumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika we ulag pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ylym-b...

DOWAMY
6 Iýun

Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle...

DOWAMY
6 Iýun

Belgiýanyň DIM-nde Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan wekiliýetiniň Brýussele amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. BMG we ÝHHG ýaly halkara we sebit gurama...

DOWAMY
6 Iýun

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmat...

DOWAMY
6 Iýun

Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de u...

DOWAMY
6 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Çäre Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (DGÝG) edarasynda geçirilip, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini ýygnady. Duşuşyk resmi surata düşmek dabarasy we gutlag sözleri bilen başlandy, soň tematiki bölü...

DOWAMY