SOŇKY HABARLAR
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ, TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ, TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GYRGYZ RESPUBLIKASYNDAKY WAKALAR HAKYNDA BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys. Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün e...
OWGANYSTAN – TÜRKMENISTAN – AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
Aşakdaky beýannamanyň teksti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleri tarapyndan Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli neşir edildi. Tekstiň başy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda telekonferensiýa görnüşinde Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatl...
TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertipleriniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tür...
TÜRKMENISTANYŇ SPORT ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN-DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...
TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öw...