SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda...
Встреча с Послом Королевства Нидерландов
10 января 2025 года состоялась встреча Посла Туркменистана в Республике Казахстан Б.Реджепова с Послом Королевства Нидерландов в Республике Казахстан Николаасом Якобом Схермерсом. Стороны обсудили перспективы развития двустороннего сотрудничества в различных сферах, в частности, отмечено о налаживании контактов с профильными ведомствами Туркменистана. На встрече туркменская сторона отметила, что в 2025 году Туркменистан отмечает 30-летие Нейтралитета и пригласил нидерландскую сторону приня...
Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistan adam söwdasyna iň ýiti we wajyp ählumumy meseleleriň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek we adam hukuklaryny goramak hem-de ilerletmek boýunça halkara tagallalaryna täsirli goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarly. Türkmenistanda adam söwdasyna garşy...
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ylýas Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatlaryny gowşurdy. Gowşurylyş dabarasynyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan...
Hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellediler. Şunlukda, Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşe...
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyz...