SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki...
KHBS ÜÇIN HABAR
Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn türkmen-ýapon özara hereketletiniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Ber...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 25-26-njн awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan...
TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär. Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR
Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçili...
OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLAR TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERINIŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşi...