SOŇKY HABARLAR
TAÝLANDYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Taýlandyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de özara bähbitlere we ileri tutulýan ugurlara esaslanyp iki ýurduň arasy...
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...
TÄJIGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA EKSPORT ÖNÜMLERINIŇ BILELIKDÄKI SERGISI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Täjigistanyň Milli kitaphananyň binasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Usmonali Usmonzoda gatnaşdylar. Wekil...
On May 8, 2023, the first meeting of the Business Council of Turkmenistan and Tajikistan was held in the conference hall of the National Library of Tajikistan. The delegations of the two countries were headed by the Chairman of the Chamber of Commerce an
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler. Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda iler...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekili...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Täç geýdirmek dabarasy Westminster ybadathanasynda geçdi.