SOŇKY HABARLAR
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa - Russiýa» ikinji sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine iş sapar bilen ugrady. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Täjigistanyň Prezidenti öz kärdeşini mähir...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar birek-birege hormat...
Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda «Parlamentara dialog – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplom...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara aly...
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisiniň L.N. Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen geçiren duşuşygy
2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň gatnaşmagynda Gazagystanyň L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa Milli Uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi. Çärä bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ilçi özüniň çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýaşlar syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleri, Türkmen...
Посол Государства Катар завершает дипломатическую миссию в Туркменистане
8 октября 2025 года состоялась встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Чрезвычайным и Полномочным Послом Государства Катар в Туркменистане Хамадом бин Рашидом бин Хамадом Аль-Азби, завершающим свою дипломатическую миссию в нашей стране. В начале встречи Посол Государства Катар выразил искреннюю признательность руководству Туркменистана за всемерную поддержку, оказанную в период его дипломатической деятельности, а также за создание благоприятных условий для успешного в...
Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sow...