RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Few

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Gürrüňdeşligiň çäklerinde R. Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde...

DOWAMY
pic
2 Few

Türkmenistanyň Ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähir...

DOWAMY
pic
1 Few

Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkin...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaş...

DOWAMY
pic
29 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minszin ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşme...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Национальный Лидер туркменского народа провел встречу с германской компанией «Goetzpartners Emerging Markets GmbH»

27 января 2024 года состоялась встреча Национального Лидера туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова с управляющим директором компании консалтинговой компании «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» Владимиром Матиасом и старшим консультантом этой компании Хансом Гердом Прёделем. На встрече обсуждены вопросы дальнейшего развития двустороннего сотрудничества, в частности по налаживанию строительства промышленных объектов в городе Аркадаг. При этом...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netije...

DOWAMY