RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Ýan

AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...

DOWAMY
26 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...

DOWAMY
25 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HYTAÝ – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...

DOWAMY
24 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.       Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...

DOWAMY
24 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...

DOWAMY
21 Ýan

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA DERWAÝYS NEŞIRLERIŇ ÇAPDAN ÇYKMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» we «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýe...

DOWAMY
20 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan...

DOWAMY