RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisiniň başlamagynyň öň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary mähirli mübärekledi. Soňra sammite gatnaşyjylaryň resmi taýdan bilelikde s...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN “BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE” GATNAŞÝAR

2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş tarapyndan çagyrylan “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolýar. Çärä BMG-na agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu Sammit bilim boýunça dördünji Durnukl...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Wena şäherindäki “Hofburg” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstri...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ŞHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, duşuşykda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselele...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wez...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Şawkat Mi...

DOWAMY
16 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ SOŇKY DUŞUŞYKLARY

2022-nji ýylyň 14-16-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirý...

DOWAMY