RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetinň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hy...

DOWAMY
pic
21 Few

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk...

DOWAMY
pic
21 Few

В Национальном центре рукописей и редких книг Министерства культуры и информации Республики Казахстан прошло научно-творческое мероприятие, посвященное 300-летию классика туркменской литературы Махтумкули Фраги

20 февраля 2024 года в здании научно-исследовательского учреждения – Национальном центре рукописей и редких книг Министерства культуры и информации Республики Казахстан была организована творческое мероприятие, посвященное 300-летию со дня рождения выдающегося туркменского писателя, классика мировой литературы Махтумкули Фраги, в которой приняли участия руководители дипломатических представительств, аккредитованных в городе Астана, представители научной и творческой интеллигенции, туркменские и...

DOWAMY
pic
20 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap,...

DOWAMY
pic
20 Few

«The Investor» žurnalynyň redaksiýasynyň direktory bilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen “The Investor” žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleý...

DOWAMY
pic
20 Few

Türkmenistanyň DIM-nde Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar “2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna” laýyklykda ozal geçirilen çäreleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gat...

DOWAMY
pic
20 Few

Türkmenistanda Meksikanyň Ilçisi akkreditirlendi

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçysynyň adyndan hormatly Prezidentimi...

DOWAMY