SOŇKY HABARLAR
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň...
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş...
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň...
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýokary derejeli çäreleriň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň, ilkinji Hazar ekologiýa sammitiniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi me...
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.