TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK RUHY LIDERI AÝATOLLA ALI HAMENEÝI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasyna bardy we ol ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy.

Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň adyndan resmi saparyň dowamynda gadymy eýran topragynda mähirli garşylanandygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň Beýik ruhy liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berýän şahsy goldawy üçin aýdan minnetdarlyk sözlerini ýetirdi.

Özara gatnaşyklar barada aýdyp, söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň diňe bir iki goňşy döwlet bolman, eýsem, doganlyk gatnaşyklary bilen bagly döwletlerdigini nygtadylar.

Pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Aýatolla Ali Hameneýi sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ornuny bellediler.

Söhbetdeşler ägirt uly mümkinçiliklere we oňyn geljege eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we EYR-nyň Beýik ruhy lideri hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklaryna tüýs ýürekden mähirli arzuwlaryny aýtdylar.