img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA YNSANPERWER ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häsiýetli meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.