Press Reliz

photo

2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy we Gazagystanyň ilkinji prezidenti N.Nazarbaýewiň aýaly Sara Nazarbaýewanyň başda durmagynda döredilen “Bobek” guramasy bilen bilelikde, şeýle hem Şymkent şäherinde ýerleşýän M.Auezow adyndaky uniwersitetiniň ýardam berilmeginde  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK SYÝASATY: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ PARAHATÇYLYKLY ÝOLY” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Göni ýaýlymda wideoşekil arkaly geçirilen bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Gazagystan Respublikasynyň ÝOJ-larynyň rektorlary, prorektorlary, “Nur Otan” partiýasynyň, Gazagystan Halky Assambleýasynyň wekilleri, Gazagystanyň Ylymlar Akademiýasyna degişli institutlaryň ýolbaşçylary we ylmy işgärleri, Gazagystan Respublikasynyň döwlet gullyk akademiýasynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda, Gazagystanyň görnükli wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileý senesi bilen gutladylar we Bitarap ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejede  ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler.