TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ 35-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň medeni alyş-çalyş hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri, GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň depgini bilen birlikde, medeni özarahereketler ulgamyndaky beýleki derwaýys meseleleriň ençemesine seredildi. 

Işjeň pikir alyşmalaryň barşynda ynsanperwerlik ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň özboluşly şerti bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ulgamyndaky integrasiýany hemmetaraplaýyn goldamak bilen, medeniýet ugry boýunça Arkalaşygyň çäklerinde medeni ulgamdaky özarahereketleriň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürýändigi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Şunlukda, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň Döredijilik intelligensiýasynyň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň Binagärlik we gurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu ýylyň çäklerinde köpsanly tematiki çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.