img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

GDA-nyň medeni paýtagty Şymkentde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy.

photo

2020-nji ýylda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Şymkentdäki kitaphanalaryň resmi web sahypalarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we "Türkmenistan - Bitaraplyk mekany" ýylyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy.

Şymkent Häkimliginiň goldawy bilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan onlaýn sergide ajaýyp tebigat, milli medeniýet we däp-dessurlar, Türkmenistanyň baý taryhy barada suratlar ýerleşdirildi.

Sergi, Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösýän Türkmenistan bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.

Onlaýn sergi 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder.