Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25-ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleri

Türkmenistanyň BMG-y tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň 25-ýyllygy  2020-nji ýylda uludan toýlanýan “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Almaty we Taraz şäherlerinde medeni we sport çäreleri uly joşguna beslenip geçirildi.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gazagystanyň M.Dulati adyndaky uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çärede bagtyýar talyp ýaşlar tarapyndan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Çärä gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäde abraýynyň artmagynyň hem-de ählumumy ylalaşdyryjylyk işlerinde ornuny ykrar etmegiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin Hormatly Döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň täze şöhratly we beýik işlere beslenýändigini bellediler.

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Almaty şäherindäki konsullyk bölüminiň gurnamagynda geçirilen sport çäreleri hem özüniň gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetinde we S.Demirel adyndaky uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary sportyň futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Dabaralara işjeň gatnaşanlar hormat hatlary bilen sylaglandylar.