Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29-ýyllygy mynasybetli wideoşekilli dabara

2020-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29-ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp wideoşekilli dabara geçirildi. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Talyplaryň taýýarlamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinden gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ýaş höwesjeňler toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar bilen geçirilen dabara özüniň täsirliligi we ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.