img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany

photo

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda H.A.Ýassawi adyndaky halkara gazak-türk uniwersitetinde “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň 25-ýyllygy mynasybetli talyplaryň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly şygary astynda geçirilen bu futbol bäslesşigi çekeleşikli geçdi. Talyplardan düzülen toparlar özara bäsleşip, iň güýçlilisini ýüze çykardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri we işjeň gatnaşan talyplar Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan hormat hatylar bilen sylaglandy.