TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.     

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglygyny, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda we Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna we hoşniýetli goňşuçylygyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, taraplar sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanlary halkara ykdysady gatnaşyklara oňaýsyz täsir edýän häzirki döwrüň ählumumy meselesine – täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy baradaky gürrüňe geçmek bilen, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamalydygyny, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda arassaçylyk – karantin çäreleriniň geçirilmelidigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete getirmek, şeýle-de Alym-lukmanlaryň halkara geňeşini döretmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini nygtaldy. Şeýle hem sebit meselelerini çözmek, hususan-da Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşkly peýdalanmak babatdaky özara gatnaşyklar barada pikir alşyldy. Bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Iki doganlyk ýurtlaryň Baştutanlary özara gyzyklanma döredýän halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklary ösdürmek barada pikirlerini beýan etdiler.   

Telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.