TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ STRATEGIK BILIMLER WE BARLAGLAR MERKEZINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji direktory jenap Halid Al Suwaidininiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky bar bolan ýokary derejeli hyzmatdaşlygy bellediler hem-de ylym ulgamyndaky milli kanunçylygyň meselelerine we bu ugurdaky tejribeleri paýlaşmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar, onuň barşynda toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, seljeriş we maglumat synlaryny taýýarlamak, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamlaryndaky ýerine ýetiren işleri barada gürrüň berdiler, şeýle hem adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary taýýarlamakda öz tejribelerini paýlaşdylar.