Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn brifing geçirildi.

photo

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy bilen M.Auzowyň adynyndaky Günorta Gazagystan Döwlet Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn brifingi geçirildi. Brifinge uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýörite çagyrylan hünärmenler gatnaşdy. Çäräniň başynda uniwersitetiň birinji prorektory K.E.Nurmanbetow söz sözläp, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk modeliniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki roly, şeýle hem türkmen-gazak doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada çykyş etdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurduň özboluşly halkara hukuk statusyny tassyklaýan “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy” atly ýörite karary biragyzdan kabul etdi. BMG Baş Assambleýasynyň mejlisinde kabul edilmegi üçin dünýä jemgyýetçiliginiň 185 agzasy biragyzdan ses berdi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly parahatçylyk, beýleki döwletleriň işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlylyga hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk - bular bitarap syýasatyň esasy düzgünleri.

BMG Baş Assambleýasynyň Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda  “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy barada” karary kabul edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň ähmiýeti” atly halkara konferensiýa geçiriler. Bu konferensiýa dünýäniň köp ýurtlarynyň liderleri we abraýly halkara guramalary, syýasatyň, ylymyň we medeniýetiň görnükli şahsyýetleri çagyrylar.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň  25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň dowamynda “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” şygary bilen ýatdan çykmajak dabaraly çäreler geçiriler.