RF-YŇ ASTRAHAN OBLASTY BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar RF bilen gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýän, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça gazanylan tejribeler babatynda hem bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň “deňiz derejeleriniň” berýän mümkinçilikleri dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler. Hususan-da, gämi gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribeleriniň üstünde durlup geçildi hem-de bu ugurda özara hereketleriň geljekde hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem Türkmenbaşy we Olýa Halkara deňiz portlarynyň arasyndaky awtoparom gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy giňletmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň bazaryna Astrahan öndürijileriniň önümlerini çykarmak, Astrahan oblastyny bolsa Türkmenistanda öndürilen harytlar bilen üpjün etmegi gurnamak meseleleri babatda pikir alşyldy.

Mundan başga-da taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda bilim ulgamynda hem işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtadylar.