Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklerine we sportuň ýokary netijelerine bolan çalyşmalarynyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrdy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti milli Liderimiz sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagy bolan Hormat ordenine mynasyp boldy.

...Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi.

Edaranyň binasynyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyz we tutuş sebit üçin ähmiýetli waka bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen döwlet derejesindäki wekiliýetleriň agzalary bilen görüşdi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soň milli Liderimiz olaryň her biri bilen surata düşdi we belent mertebeli myhmanlary binanyň VIP zalyna çagyrdy. Soňra Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy.

Agşamlyk naharynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz sözlediler.

Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň işine netijeli gatnaşmak ýurdumyzyň sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biz Aziýa döwletleriniň dünýä olimpiýa hereketiniň ilerledilmegine pugta ygrarly bolmak bilen, häzirki döwürde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgesi bolan sportuň halklaryň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň işjeň gurallarynyň biri bolup durýandygyna pugta ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyza Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň ynanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ynam Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten derejesiniň we gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, adamlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça alyp barýan işlerimiziň oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşanydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

V Aziýa oýunlary Türkmenistana dünýäniň sport ulgamynda giň möçberli halkara derejesindäki sport bäsleşiklerini guramaga ukyply ýurt hökmünde mynasyp orun eýelemegine mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň goldaw bermegi we myhmansöýerligi netijesinde, bu ýaryşlara Okeaniýa ýurtlarynyň goşulandygy aýratyn guwançly ýagdaýdyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, paýtagtymyzda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi dünýä sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer. Aşgabatda geçirilýän bu ýaryşlara dünýäniň örän köpsanly ýurtlarynyň gatnaşmagy onuň asylly parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinden habar berýär. Bu oýunlaryň halklaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bolar.

Söwda-senagat edarasyndan hormatly Prezidentimiziň we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerwenleri Olimpiýa şäherjigine tarap ugrady.

Olimpiýa stadionynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

...Münberlerde tolgundyryjy pursatlar boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi ýatdan çykmajak täsirli wakalara garaşýar. Baýramçylyk joşguny stadionda özboluşly tolgundyryjy ýagdaýy döretdi. Belent ruha beslenen joşgunly duýgular tutuş Olimpiýa şäherjigine, Aşgabada we ýurdumyzyň ähli künjegine tolkun bolup ýaýrady. Türkmenistanlylar hem-de beýleki ýurtlaryň millionlarça tomaşaçylary dünýä derejeli taryhy wakanyň şanyna guralýan dabaralaryň şaýady boldular.

Soňra stadionda daň säherler asmanda emele gelýän örän syrly we özboluşly öwüşgini alamatlandyrýan görnüş döredi. Açylyş dabarasynyň başlanmagyna galan soňky 17 sekuntlyk pursatlar geçip başlady. Belgileriň biri-birini çalşyryp azalýan wagtynda dabara gatnaşyjylar agzybirlik we uly şowhun bilen görkezilýän sanlary sanap başladylar. Belgileriň ýürek urgusyna çalymdaş ýagdaýda çalşyp durmagy, sanlaryň tamamlanmagyna ýakynlaşýar we bu ýerdäki joşgun artýar.

“0” belgide stadionyň tutuş çägi zümerret öwüşginli ýaşyl reňke boýalýar we şowhunly dabara gatnaşyjylar aýlaw ugry bilen stadionyň merkezine gelip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi nyşanynyň şekilinde düzülýärler. Reňkleriň sazlaşygy şekile özboluşly öwüşgin çaýýar. Meýdançada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan ahalteke bedewiniň şekili emele gelýär.

Çykyş edýänler beýleki bir şekile – oýunlaryň tumary görnüşindäki şekile düzülýärler. Onda köp öwüşginli reňklerde ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti barada çeper dilde gürrüň berilýär. Soňra Oguzhanyň sekizgyraňlyk ýyldyzy görnüşindäki şekil emele getirilýär. Şeýle “janly” ýyldyzlary stadionyň münberlerinde hem görmek bolýar.

“Ýaşa sen, Arkadag!” diýen aýdym ýerine ýetirilýär. Onda tutuş türkmen halkynyň öz Lideri bilen jebisliginiň alamaty, ajaýyp eýýamda, ajaýyp ýurtda ýaşamak we döretmek bagtyna çäksiz hoşallyk duýgusy beýanyny tapýar.

Dabaranyň resmi bölümi başlanýar. Dabarany alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny we dabara gatnaşyjylary oýunlaryň açylyşy bilen gutlaýarlar.

Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy getirilýär. Uly ýaşyl baýdagy Hormat garawuly rotasynyň esgerleri getirýärler.

Soňra stadiona Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baýdagy getirilýär.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan döwlet Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna hem-de agzalaryna, myhmanlara we oýunlara gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Sizi türkmen topragynda tüýs ýürekden hoş gördük diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu gün biz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berýäris. Döwlet Baştutanymyz bu şanly waka bilen mähriban watandaşlarymyzy, gadyrly myhmanlarymyzy, halkara sport jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlap, mundan 7 ýyla golaý ozal - 2010-njy ýylyň 17-nji dekabrynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasynda ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky ikitaraplaýyn resminama gol çekilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çözgüt üçin, Türkmenistana bildirilen ynam üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine, onuň prezidenti, gadyrly şeýh Ahmad Al Fahad Al-Sabaha tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz bu çözgüde ýurdumyza goýlan hormatyň, onuň sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan goşandynyň hem-de dünýä olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerine wepalylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Geçen döwürde Türkmenistanda bu Oýunlary mynasyp geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy diýsek, artdyryp aýtdygymyz bolmaz. Aşgabatda Olimpiýa şäherjigi guruldy. Onuň umumy taslama bahasy 5 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Şäherjigiň 157 gektardan ybarat meýdanynda 40-a golaý desga guruldy. Şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derejelerinde ýaryşlary geçirmek üçin 16 sany sport desgasy bina edildi.

Toplum suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin ýapyk we açyk howuzlary, şeýle hem iki sany türgenleşik we 10 sany tennis meýdançalaryny öz içine alýar.

Bu ýerde bouling, badminton we stoluň üstündäki tennis üçin meýdançalar, ýapyk welotrek, ylgalýan ýodajyklary bolan köpugurly sport meýdançalary, futbol, ýeňil atletika, fehtowaniýe we boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika üçin türgenleşik meýdançalary we zallary bar. Şeýle hem, iň täze häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk dikeldiş merkezi ýerleşýär.

Toplumyň tutuş uzynlygyna welosiped we ylgalýan ýodajyklar geçýär. Bu ýerde türgenlere we tomaşaçylara amatly ýagdaýy üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Şolaryň hatarynda ýaşaýyş, medeni we söwda merkezlerini, myhmanhanalary, restoranlary, dükanlary, durmuş hyzmatlary kärhanalaryny we awtoduralgalary, şeýle hem pyýada geçelgeleri we monorels ýoluny görkezmek bolar.

Şu döwürde üpjünçilik desgalaryndan başga-da, ýurdumyzyň V Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly derejede taýýarlygyny tassyklan dürli sport çäreleri geçirildi.

Mysal üçin, 2016 - 2017-nji ýyllarda Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda sambo, türkmen milli göreşi, guşakly göreş, jiu-jitsu ýaly sportuň görnüşleri boýunça Aziýanyň synag ýaryşlary guraldy. Şeýle hem tennis, ýeňil atletika, basketbol we suwda ýüzmek boýunça halkara synag bäsleşikleri geçirildi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda maglumat üpjünçiligine hem uly üns berildi. Ýurdumyzda birnäçe iri halkara sport media-forumlary, sergiler we maslahatlar geçirildi. Dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu çäreler milli hem-de halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki, gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty - ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasynyň ýanynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziadanyň alawyny ýurdumyzyň çäklerinden göterip geçdiler. Garaşsyz döwletimiziň iň bir uzakdaky künjeklerinde boldular. Munuň özi bu sport baýramyna iş ýüzünde bütin halkymyzyň gatnaşmagyny alamatlandyrdy.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşynda halkara sport bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňat tejribesi, bilimleriň netijeli gory toplandy. Biz bu tejribäni geljekki ýaryşlaryň guramaçylary bilen paýlaşmaga taýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýýarlyk döwründe bize bahasyna ýetip bolmajak goldaw we ýardam beren ähli daşary ýurtly dostlarymyza hem-de hyzmatdaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň düzümi boýunça hem, sport ugurlarynyň sany boýunça hem köp babatda özboluşly, aýratyn häsiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu Oýunlar bilen baglanyşykly «ilkinji gezek» sözüniň ýygy- ýygydan ulanylmagy geň ýagdaý däldir.

Hormatly Prezidentimiz bu Oýunlara ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde geçirilýändigini belläp, şu ýagdaýyň biziň sebitimizde sporty ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine, onuň halkara sport işlerine mundan beýläk-de has ýakyndan we işjeň çekilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşýar. Jemi 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşer.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň sport toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy bizi aýratyn buýsandyrýar.

Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerini goldanyp, Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine Bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek baradaky bilelikdäki Jarnamanyň taslamasyny hödürledi. Bu taslama Adam hukuklary boýunça Geňeşiň Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisiniň garamagyna berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz sporta, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan hukugyň hemmelerde, şol sanda emele gelen ýagdaýlar sebäpli, öz milli baýdaklary astynda çykyş edip bilmeýän türgenlerde hem bolmalydygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu işleriň çäklerinde ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy saklaýar we barha giňeldýär.

Türkmenistan sportuň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.

Myhmanlar şu ýerde bolýarka, Aşgabadyň nähili özgerendigine, ýurdumyzda ajaýyp sport desgalarynyň gurlandygyna, özi hem, diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ähli welaýatlarymyzda gurlandygyna doly göz ýetirerler. Bu, elbetde, tötänden däldir. Sporty we bedenterbiýäni ösdürmek biziň döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykýar.

Biziň ýurdumyz tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýär. Bu baýram milli senenamamyzyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan doly hukuk bilen päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, biz sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň ýüz müňlerçe raýatlarynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini uly buýsanç bilen aýdýarys.

Häzirki zaman dünýäsinde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi bolmalydyr. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge saldamly goşant goşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlygy we başarnygy bilen ak ýürekli bäsleşikde Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýarlar. Ýaşlarda işjeň, döredijilikli durmuş garaýyşlaryny, beýleki halklara dostlugy we hormat goýmagy kemala getirmekde görelde bolýarlar.

Elbetde, V Aziýa oýunlary ýaly ýaryşlar türgenler üçin hem, millionlarça adamlar üçin hem uly baýramdyr. Şoňa görä-de, Ýer ýüzüniň onlarça döwletleriniň adamlary bu ýaryşlara uly gyzyklanma bilen tomaşa ederler.

Garaşsyz ýurdumyzda onlarça döwletleriň we halklaryň wekillerini kabul etmek biziň üçin uly hormatdyr. Biz bu Oýunlary geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegini ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, bitarap, netijeli we hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň netijesi diýip doly esas bilen aýdyp bileris.

Hakykatdan-da, Türkmenistan üçin parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, ähli halklary, olaryň medeniýetlerini we däp-dessurlaryny hormatlamak milli aň- düşünjeliligiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Biz bu düşünjeleri alyp barýan halkara işlerimiziň ähli ugurlaryna, şol sanda sport ulgamyna hem giňden ornaşdyrýarys.

Biz 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny örän ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri göreris. Bu Oýunlara gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda halkymyzyň myhmansöýerligini hem-de göwnaçyklygyny duýar ýaly ähli tagallalary ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Goý, bu ýaryşlar Olimpiýa hereketiniň, halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine wepalylygyň nyşany hökmünde geçsin! Goý, bu ýaryşlar sport bäsleşiginde ak ýürekliligiň we hormat goýmagyň nusgasyna öwrülsin!” diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisine uly ýeňişleri we üstünlikleri arzuw etdi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi.

Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyrylýar. 45 müň orunlyk stadiony dolduryp oturan adamlar ör turup, elini ýüregine goýup, Döwlet senasyny ýerine ýetirýärler.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha söz berilýär.

Ol öz çykyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, beýleki döwletleriň Baştutanlaryna hem-de dürli ýurtlardan gelen ýokary wezipeli myhmanlara, sport federasiýalarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylaryna, ähli türgenlere we tomaşaçylara hoşallygy bilen başlaýar.

“Agşamyň haýyrly bolsun, Aşgabat! Agşamyň haýyrly bolsun, Türkmenistan!” Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurduň ajaýyp paýtagtynda Aziýa salam, Okeaniýa salam diýip, AOG-niň Baştutany sözüni dowam etdi. Aziýadan we Okeaniýadan gelen türgenler hem-de resmi adamlar üçin taryhy waka mynasybetli bu ajaýyp şäherde bolmak uly hormatdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we 2010-njy ýylda AOG-niň Aşgabady Oýunlaryň geçirilýän ýeri hökmünde yglan eden gününden bäri Aziada taýýarlyk görlüşini üns bilen synlandygyny nygtady.

Oýunlara taýýarlyk görmegiň her bir tapgyryna ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabat dünýä derejeli sport desgalaryny hem-de ähli türgenler üçin has oňaýly şertleri üpjün etmegi başardy diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah aýtdy we bu asylly işi hem-de şeýle jogapkärli işe wepalylygy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Men örän gyzykly we üstünlikli Oýunlaryň şaýatlary boljakdygymyza ynanýaryn diýip, şeýh aýtdy. AOG-niň ýolbaşçysy şeýle hem Okeaniýanyň türgenlerini hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň toparyny mübäreklemegiň özi üçin örän ýakymlydygyny belledi.

Prezident Tomas Bahyň ýolbaşçylygynda Halkara Olimpiýa komiteti jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan erkeklere hem-de zenanlara sport bilen meşgullanmak üçin ähli tagallalary edýär diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti ýaryşlara gatnaşyjylary özleriniň ähli mümkinçiliklerini we iň gowy netijeleri görkezmäge, ýaryşlardan boş günleri türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaga çagyrdy.

AOG-niň ýolbaşçysy şeýle hem iri ýerli we sebit kompaniýalaryna, halkara korporasiýalaryna oýunlara howandarlyk edýändikleri, olaryň umumy üstünlige bolan ynamy üçin hoşallyk bildirdi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny belledi. Olar bu Oýunlary şöhlelendirip, dünýäde dostluk, parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini ilerletmäge ýardam ederler.

Meýletinçileriň adyna hem aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy. Meýletinçilersiz oýunlaryň ýokary derejesini gazanmak mümkin bolmazdy diýip, şeýh aýtdy.

Myhmansöýerlik hem-de mähirlilik üçin aşgabatlylara we tutuş Türkmenistanyň halkyna ägirt uly hoşallyk bildirildi.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen ak baýdak galdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna ak pata berýär we jaň kakýar.

Biziň sabyrsyzlyk bilen garaşan dabaramyz başlanýar.

Bir pursatlyk tomaşaçylaryň münberlerini tümlük gaplap alýar, soňra olarda, göýä, gijeki asmandaky ýaly ýyldyzjyklar şöhle saçýar, Stadionyň ýagty meýdanynda hereket başlanýar, atly ýigitleriň altysy Aziýa yklymynyň bäş sebitini hem-de Okeaniýa ýurtlaryny alamatlandyrýan ýazgylary göterip stadiona girýärler.

Bu şekiller uly gyzyl ýyldyza birleşdirilýär. Ol AOG-niň nyşanyny bezeýän ýyldyzy ýatladýar.

Stadionyň meýdanyna silindr görnüşindäki monitor aşak düşürilýär, onuň şöhlesi daş-töwerege ýaýraýar. Bu şöhle wagtyň we giňişligiň hereketini alamatlandyrýan täsin görnüşi emele getirýär – bu eýýamlaryň çarhydyr.

Tomaşa täsin we haýran galdyryjy görnüşler bilen dowam etdirilýär. Rawy öz hekaýatyna başlaýar.

Rawynyň gürrüň bermegi bilen, tomaşaçylar Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynyň taryhy eýýamlaryna “syýahat” edýärler. Şol pursatlarda stadionyň meýdançasy al-ýaşyl öwüsýän ýaýlalara ýa-da ajaýyp haly göllerine, ummasyz gum alaňlaryna öwrülýär.

Ine, uç-gyraksyz Garagumdan kerwenler ýöräp barýar – Beýik Ýüpek ýoluny görkezýän kompozisiýa janlandyrylýar.

Stadiondan üsti ýükli hakyky düýeler barýarlar (ýeri gelende aýtsak, sahnalaşdyrylan dabara 7,5 müň ýerine ýetirijiler, sazandalaryň 200-e golaýy bilen birlikde, jandarlaryň 100-si gatnaşýar).

Türkmen kompozitorlarynyň sazlary ýaňlanýar. Meýdançada Paryzdepe we Nusaý galalary 3D görnüşinde şekillendirilýär. Bu şekilleriň üsti gadymy gymmatlyklar we arheologiki tapyndylar bilen ýetirilýär. Öz döwründe şol gymmatlyklar taryh ylmynda uly açyşlary etdi.

Dabaranyň bu bölegi “Parfiýa” diýlip atlandyrylýar. Milli lybasly gyzlar ritonly tanslary ýerine ýetirýärler. Şu pursat ýetginjegiň ata mündiriliş dessury görkezilýär: ýetginjek ajaýyp bedewe atlanyp, öňe tarap okdurylýar.

Hereket edýän şekillerde kuwwatly Parfiýa patyşalygynyň durmuşyndan parçalar beýan edilýär.

Dabaranyň indiki bölümi Dehistana bagyşlanýar. Merkezi monitorda Maşat-Misserianyň taryhy ýadygärlikleri görkezilýär, çykyş edýänler alaw bilen suwuň hereketini görkezip, tebigy baýlyklara eýe bolan çölüň we deňziň keşbini alamatlandyrýarlar. Deňizde gämiler ýüzüp barýar. Multimediýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen çölüň we deňziň keşbini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin sahna döredilýär.

Soňra gyzykly hekaýat tomaşaçylary ussalaryň hem-de akyldarlaryň şäheri bolan Köneürgenje alyp barýar - Ibn Sina, Nejmeddin Kubra we Al-Horezmi ýaly meşhur alymlaryň hem-de filosoflaryň ýaşan döwri suratlandyrylýar.

Ekranda Köneürgenjiň meşhur kümmetleri, minaralary we beýleki binagärlik gymmatlyklary yzly-yzyna peýda bolýar. Bu toprakda Gündogaryň ylmynyň ösüşine täsir eden taglymatlar döredilipdir, beýik açyşlar hem-de oýlap tapyşlar edilipdir. Sahnalaryň birinde dünýäde ilkinji globusyň döredilişi barada gürrüň berilýär.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinden Lebap welaýatyna, bu ýerde baý söwda şäheri bolan Amulyň gülläp ösen döwrüne aralaşýarys. Tomaşaçy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, biziň günlerimize çenli saklanyp galan Daýahatyn kerwensaraýyna tomaşa edýär. Sahnada Gündogar bazarynyň durmuşyndan parçalar ýaýbaňlandyrylýar. Bu ýerde söwda gyzyşýar, jarçylar harytlary mahabatlandyrýarlar, arabalaryň üsti dürli-dümen önümden doly, hut şol ýerde senetçiler der döküp işleýärler, köçe artistleri – gurjakçylar, akrobatlar adamlara şatlyk paýlaýarlar. Bu ýerden täjirleriň kerwenleri alys ýola ugraýar. Olar deňziň aňyrsyndaky ýurtlara meşhur türkmen halylaryny, gawunlaryny we beýleki harytlaryny alyp gidýärler.

Birdenkä meýdança dym-dyrslyk aralaşýar, adamlar duran ýerlerinde doňup galýarlar, wagt durup galana meňzeýär. Ýene-de stadionyň meýdançasynda alaňly çöl şekillendirilýär. Çägeleriň içi bilen kerwenler öz ýoluny dowam edýär.

Bu şekiller adam durmuşynyň bakylygynyň aýdyň alamatyny şöhlelendirýär, uç-gyraksyz çölüň gözelliginiň hem-de täze sepgitlere, ýagty geljege tarap kyn ýoly geçýän kerweniň özboluşly sazlaşygyny görkezýär.

Dowam edýän sahnalar tomaşaçylary Marguş ýurdunyň taryhynyň ýollaryna alyp gidýär. Stadionyň meýdançasynda Marguş medeniýetiniň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýän täsin gymmatlyklar şöhlelendirilýär. Ýöne, bu ýerde şol sungat eserleriniň göwrümi ýüzlerçe esse artdyrylyp görkezilýär. Şöhle-lazer usuly arkaly kuwwatly gala diwarlary bilen gurşalyp alnan gadymy şäheriň gumuň astyndan peýda bolşy täsirli görkezilýär.

Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda tapylan köpsanly tegelek möhürlerdäki şekiller hem birnäçe esse ulaldylypdyr. Şol möhürleriň piktogrammalarynda dünýä siwilizasiýasynyň taryhy merkezleriniň bäşisiniň biri hökmünde ykrar edilen bu täsin ýurduň ýazuwynyň syrlary gizlenip ýatan bolmagy mümkin.

Aýlanýan tegelek ekranda Gadymy Merwiň ýadygärlikleri, Soltan Sanjaryň meşhur kümmeti, Gyzgalanyň özboluşly galalary görkezilýär. Sahnanyň bu görnüşi ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Aýratyn hem adamlar meýdandan çykyp we geçen asyrlaryň bahasyna ýetip bolmajak şaýatlary hökmünde marguş heýkeljikleriniň şekilleri, göýä, direlip, birnäçe müň ýyl mundan ozal gülläp ösen patyşalygyň ýaşaýjylarynyň nesillerine täsin gözleri bilen bakyşlary haýran galdyrýar.

Wagt geçip barýar. Stadionyň merkezindäki jadyly ekran tutuş meýdançany gurşap alan täsin yşyjyklar bilen şöhlelenýär, monitorda paýtagtymyzdaky “Arkadag” binasynyň, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň şekilleri peýda bolýar.

Dabaraly sazyň owazy ýaňlanýar. Taryh baradaky gürrüň häzirki döwrüň wakalaryna geçýär hem-de onda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi janlandyrylýar.

Soňra dabaranyň özboluşly bölegi başlanýar. Uly göwrümli silindr görnüşindäki displeý nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan üznüksiz sapajyklaryndan emele gelen altyn ýumak üçin sandyjaga, asyrlaryň dowamynda toplanan ruhy we medeni gymmatlyklaryň genji-hazynasyna öwrülýär. Şunda halkymyzyň ruhubelentliginiň, erk-isleginiň we zehininiň egsilmez çeşmesi äşgär bolýar.

Meýdançada feýerwerkler ýakylýar, olaryň täsin şöhleleri, aýratyn enjamlaryň kömegi bilen adamlaryň şekilleri hem ýokaryk galýar. Pirotehniki şüweleň stadionyň ýokarsynda dürli reňklerde öwşün atýan şöhleler bilen dowam edýär.

Tomaşaçylar, göýä, agramsyzlyk ýagdaýynda, öwşün atýan lybasly adamlaryň gaýyp ýören şekillerine haýran galmak bilen syn edýärler. Şol pursat asmanda peýda bolan ýyldyzlar hakyky älemiň suratyny emele getirýär.

Dabara gatnaşýanlaryň köpüsiniň ellerinde ilki bilen uly bolmadyk çyrajyklar peýda bolýar, soňra bolsa olar has uly ýyldyzlary ýakýarlar. Bularyň ählisi herekete girip, biziň galaktikamyzyň spiral şekilini ýatladýar. Täsin “älem tansy” dabara özboluşly öwüşgin çaýyp, batyrgaý arzuwlaryň hemişe adamzady öňe alyp gidendigini, ynsanlaryň öňünde täze mümkinçilikleri açandygyny ýatlatdy.

Bu kompozisiýanyň ahyrynda bolsa meýdançada türkmen Tuguny bezeýän nyşan—bäş ýyldyzly ýarymaýyň şekili peýda boldy.

Soňra stadionda haýran galdyrýan yşyklaryň we döwrebap sazyň astynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi beýan edildi. Horeografiki suratlarda olaryň piktogrammalary şekillendirildi, monitorda oýunlaryň şekili – Wepalynyň keşbi suratlandyryldy, ýaş türgenler bolsa degişli lybaslarda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi boýunça esasy emelleri görkezdiler.

Bu köp ölçegli hem-de köp adamly kompozisiýany döredijiler sportuň her bir görnüşi barada örän gyzykly gürrüň bermek üçin bu çärä döredijilikli çemeleşmeli boldular. Özi-de, sportuň käbir görnüşleri “asmandan” görkezildi. Mysal üçin, welosipedçiler “asmandan uçup geldiler”, futzalçylar we tennisçiler hem öz ussatlyklaryny ýokarda görkezdiler, suwda ýüzüjiler stadionyň ýokarsyndan “ýüzüp geçdiler”, tansçylaryň jübütleri ýokarda “pyrlandylar”. Öýjükleri şöhlelenýän ägirt uly küşt tagtasynyň kömegi bilen küşt oýny hem örän gyzykly görkezildi.

Merkezi monitorda “Hoş geldiňiz!” diýen ýazgy peýda boldy we daş-töwerek ýaşyl reňkli şöhlä beslendi. Meýdançada ýagtylyk şöhlesi giň ak ýodajygy emele getirdi. Alypbaryjylar türgenleriň ýörişiniň başlanýandygyny yglan edýärler.

Ýörişi ýetginjek “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekiline öwrülen alabaýy bilen açýar. Onuň yzysüre oglanjyklar bu tohum itiň güjüjiklerini alyp geçýärler. Olaryň yzy bilen, elipbiý tertibinde Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň ýygyndy toparlary, şeýle hem Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Bosgunlaryň topary geçdi. Türgenleri köpsanly janköýerler hem-de tomaşaçylar mübärekleýärler. Ýörişiň ahyrynda Aziadany geçirýän ýurduň—Türkmenistanyň wekilleri geçýärler.

7-nji sentýabrda, ýurdumyzda oýunlaryň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli dabaralar geçirilende, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ýygyndymyzyň agzalaryna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ähmiýetli sport baýramçylygyna öwrüljek V Aziýa oýunlarynda watançylygyň, hakyky ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine hem-de Bitarap Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Bu gün uly ýeňişlere türkmen türgenleri türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň senasy astynda ýörişden geçýärler. Ol sena bolsa, “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen aýdymdyr. Aýdymyň sözlerini we sazyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazdy.

Münberlerde oturan türkmenistanlylaryň ählisi bu joşgunly hem-de nurana aýdymyň sözlerine öz seslerini goşdular. Bu aýdym halkymyzyň iň söýgüli aýdymlarynyň birine öwrüldi. Ony diňe bir oýunlaryň senasy hökmünde däl, eýsem, ählimize hoşniýetli arzuwlar hökmünde hem baýramçylyklarda uly höwes bilen aýdýarlar.

Soňra “Hakdan halatly Arkadag” diýen aýdym ýaňlanýar.

Olimpiýa stadionyndaky baýramçylyk dabarasy beýleki bir giň möçberli sahnalaşdyrylan şüweleň bilen dowam etdirilýär.

Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ellerinde baýdaklary saklap, meýdança çykýarlar. Meýdançanyň merkezinde silindr görnüşindäki ekran ýokaryk galdyrylýar, onda Oguzhanyň nyşany – lira görnüşinde şahlaryň arasynda ýerleşdirilen gün diski açylýar. Soňra meýdançada türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguzhanyň heýkeli örboýuna galýar.

Oguzhanyň alty ogly, 24 agtygy at üstünde peýda bolýarlar. Şol pursatlarda asmandan altyn peýkamlaryň altysy uçup gelýär we ýere düşýär. Bu edebi sahna Oguzhanyň öz nesillerine ähli güýjüň agzybirlikdedigi baradaky wesýeti bilen baglanyşyklydyr. Çünki, diňe bilelikde we agzybirlikde ähli kynçylyklary ýeňip geçmek, duşmany yzyna gaýtarmak, kuwwatly döwleti gurmak bolýar.

Soňra dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran beýik türkmen şahsyýetleriniň – akyldar Gorkut atanyň, Görogly begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Ärtogrul Gazynyň, Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky seýilgähde oturdylan heýkelleriniň ägirt uly nusgalary peýda bolýar.

Watany goramak, gaýduwsyzlyk mowzugy bilen baglanyşykly giň möçberli kompozisiýadan soň, meýdançada gelin-gyzlar haly dokamak sungatyny görkezýärler.

Tans ýerine ýetirilýän mahalynda, stadionyň meýdançasynda türkmen halysynyň dokalýan pursadyny alamatlandyrýan dürli nagyşlar peýda bolýar. Şüweleňi döredijiler tomaşaçylara halynyň esasynyň nähili usulda döredilýändigini görkezmek kararyna geldiler. Munuň üçin olara howa akrobatlar topary gerek boldy. Olar dokmaçylyk sungatyny alamatlandyrýan çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň indiki böleginde Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynyň medeni däpleri görkezildi. Stadionyň meýdançasyna yzly-yzyna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlary çykýarlar. Her bir sebitiň toparynda artistler – aýdymçylar hem-de sazandalar çykyş etdiler. Olaryň çykyşy mahalynda ol ýa-da beýleki bir welaýata mahsus bolan ägirt uly göller şekillendirildi. Tans toparlarynyň halk äheňindäki çykyşlary hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Olaryň ählisi bilelikde gadymdan gelýän küşt depdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Soňra alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny yglan edýärler. Bu toparyň çykyşlary islendik baýramçylygyň bezegine öwrülýär, gaýduwsyz ýigitler we ussat gyzlar dünýäniň köp ýurtlarynda tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar sirk sungatynyň bütindünýä festiwallarynyň baş baýraklarynyň ençemesine mynasyp boldular.

Şu gün olar ýene-de at çapmagyň ýokary nusgasyny görkezdi hem-de haýran galdyryjy akrobatiki emelleri ýerine ýetirip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Toparyň agzalary her bir tilsimi ýeňillik we ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Ýelden ýüwrük bedewleriň özleri hem ýyndamlygy, owadanlygy hem-de syratlylygy bilen haýran galdyrýar. Ýöne, münberleriň öňünden atyň üstünde ýyldyrym çaltlygy bilen geçen körpeje gyzjagaz tomaşaçylarda has uly täsir galdyrdy. Bu ýere ýygnananlar onuň çykyşyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

“Galkynyş” toparynyň esasy çykyşy üç gatly piramida bilen baglanyşyklydyr. Bu gün ýigitleriň ussatlyk bilen emele getiren piramida şekilli üstünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy parladyldy.

Soňra maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ak mermerli paýtagty baradaky wideoşekiller görkezildi. Soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren Aşgabat özüniň günüň şöhlesine lowurdaýan köşkleri we suw çüwdürimleri, belent binalary hem-de täsin binagärlik desgalary, täze yşyklary bilen suratlandyryldy.

Stadionyň meýdançasynda Konstitusiýa binasy, Bitaraplyk binasy, “Türkmenistan” teleradio merkezi, “Ýyldyz” myhmanhanasy, Garaşsyzlyk binasy şekillendirilýär. Ýokardan paýtagtymyzyň tutuş Olimpiýa şäherjigini hem görmek bolýar, bu ýerde ýokary sport netijelerini gazanmak üçin ähli şertler döredildi.

Soňra dabaranyň “ykdysady” bölegi başlandy. Onda esasy pudaklaryň, ilkinji nobatda bolsa, nebitgaz senagatynyň döwrebaplaşdyrylyşy barada gürrüň berildi. Munuň özi hem çuňňur manysy bardyr: Aziadanyň alawy ägirt uly “Galkynyş” gaz ojagynda ýakyldy.

Turbageçirijiler mowzugy “tehnologiki” sahnada hem öz beýanyny tapdy. Onda türkmen topragyndan alynýan energiýa diňe bir ýurdumyzy özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýä ýaýraýar. Horeografiki kompozisiýada türkmen gazynyň dürli ugurlara akdyrylyşy, onuň ýylylyk we ýagtylyk hem-de abadançylyk getirişi görkezildi.

Ykdysady ösüş bilen birlikde, Türkmenistanda ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat ulgamlary hem işjeň ösdürilýär.

Stadionyň meýdançasynda aýdym-saz çykyşy ýaýbaňlandyrylýar. “Arkadagym toý tutýar” atly aýdym ýaňlanýar, köpsanly tansçylaryň joşgunly çykyşy uly baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýýar.

Soňra çykyş edijiler meýdançada “Aşgabat 2017” diýen ýazgyny, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny şekillendirýärler.

Milli göreş boýunça türkmen ýygyndysynyň agzasy Rejepaly Orazalyýew we emin Amanmuhammet Batyrow ýurdumyzyň türgenleriniň hem-de eminler toparynyň adyndan kasam edýärler.

Ýene-de stadionyň meýdançasynda şöhleleri ulanmak arkaly giň göwrümli şekil emele gelýär: göýä, alaw ýeriň aşagyndan çykmaga synanyşmaga çalyşýar. Ýokardan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşany şekillendirilen sekizgyraňly ýyldyz goýberilýär.

Soňra türkmen estradasynyň ýyldyzlary çykyş edýärler.

Monitorda ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan 500 günlük atly ýörişiň ýylýazgysyndan pursatlar görkezilýär.

Biraz salymdan soň, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit stadiona gelýär. Zenanlar gadymdan gelýän däbe görä, ýörite çanaklarda ýüzärlik tütedip, asylly başlangyja ak pata berýärler.

Meýdançanyň merkezinde diň peýda bolýar we alawly ýigit atyny basgançaklar boýunça onuň depesine gönükdirýär. Çapyksuwar bedewi çarpaýa galdyryp, alawy sekizburçly ýyldyza degirýär, şondan soňra onda iki “kometa” peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar. Çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.

Dabaranyň ahyrynda paýtagtymyzyň asmanyny ýagtylandyran baýramçylyk feýerwerkleri öwşün atyp başlaýar. Göýä, köpsanly symrug guşlary dürli reňkde öwşün atýan ganatlaryny ýaýyp, şäheriň asmanynda, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda uçup barýana meňzeýär. Bu ajaýyp görnüş esli wagt dowam edip, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýlelikde, oýunlara badalga berildi. Öňümizde bize sportuň dabaralanmagyny, ruhubelentligi, dostlugy we parahatçylygy alamatlandyrýan 10 gün garaşýar!