TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary O.W.Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Aşgabada geldi.

Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek boýunça öňüni alyş hereketleriniň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar we BMG we beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň derejesine seredip geçdiler. 

Sebitleýin derejede howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanylmagy boýunça özarahereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilermenlik ukyplaryny, maglumat habarlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça tekliplerini beýan etdiler. Mejlise gatnaşyjylar halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýeti hakynda gürrüň etdiler, şeýle-de internet-gurşawynda terrorçylyk we ekstremistik ideologiýasynyň ýaýradylmagyna garşy göreş çärelerine seredip geçdiler. 

Howpsuzlyk meseleleriniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtamak bilen, taraplar tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.