MAÖADSM-NIŇ BINASYNDA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ SUW WE ENERGETIKA SERIŞDELERINI REJELI ULLANMAK IŞI ÜÇIN TÄZE TEHNOLOGIÝALARY WE INNOWASIÝALARY ULLANMAK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Merkezi Aziýa uçin Öňüni alyş Diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we energetika serişdelerini rejeli ullanmak işi üçin täze tehnologiýalary we innowasiýalary ullanmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynyň maksady suw we energetia hyzmatdaşlygy ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary barada çuňlaşdyrylan maglumatlary bermek, şeýle hem maksatlaýyn iş toparynyň maksatnamasynyň ýagdaýyny, iş meýilnamasyny hem-de toparyň hereketleriniň iş we başga meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Halkara bilermenler suw we energetika hyzmatdaşlygy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň serişdelerini dolandyrmak ugrundaky strategiýalary we syýasaty şöhlelendirdiler we MAÖADSM-niň agza-ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Okuwyň çäginde suw we energetika hyzmatdaşlygyny hukuk-kadalaýyn dolandyrylmagy we bu ugurdaky kanunçylygyna garaldy. Maslahatlaşmanyň üns merkezinde degişli halkara borçnamalary durmuşa geçirmegiň öňdebaryjy tejribesi hem boldy.

Şeýle hem, düzüminde Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk we institusional aspektleri boýunça maksatlaýyn iş toparynyň dört sany maslahatyny gurnamakdan ybarat bolan 2020-nji ýyl üçin Iş Meýilnamasynyň maksatnamasyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda maksatlaýyn iş topary baradaky Düzgünnamasyny hem-de onuň Iş Meýilnamasynyň tassyklanyljak maksatlaýyn iş toparynyň maslahaty geçiriler.