BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMEN TARAPYNYŇ GURAMAGYNDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÜPJÜN EDILMEGINDE HALKARA INSTITUTLARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY: BMG-AHHG MODELI» ATLY TEMATIKI ÇÄRE GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda türkmen tarapynyň guramagynda «Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde halkara institutlarynyň hyzmatdaşlygy: BMG-AHHG modeli» atly tematiki çäre geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleriniň resmi wekilleri, BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşen düzüm birlikleriniň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň diňleýjileri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar howanyň global derejede üýtgemegi, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerinde suw serişdeleriniň ulanylmagynda antropogen şertleriniň täsiri astynda ekologiki heläkçilikleriniň netijeleriniň aradan aýrylmagynda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Has takygy, Aral deňziniň meselesiniň çözülmeginde özarahereketleri berkitmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň orny hem-de Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň geljekki Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) formatynyň kesgitlenilmegi boýunça öňde duran köptaraplaýyn geňeşmeleriň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasy bilen makullanylan ýokarda görkezilen geňeşmeleriň Aralýaka sebitiniň ekologiki heläkçiliginiň çözgüdi boýunça toplumlaýyn halkara guralynyň döredilmeginiň ýolunda amaly hereketlere öwrüljekdigi bellenilip geçildi.      

Çäräniň barşynda gatnaşan wekiliýetleriň, has takygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli wekilleri Aral deňziniň sebitinde durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça milli tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary dowam edýär. 18-nji iýulda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.