TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde biziň ýurdumyzda öz missiýasyny tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Şahin Nilofer bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyna BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň we taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň ilerledilmegi we goragy ulgamyndaky özarahereketleriň netijelerine oňyn baha berildi.  

Hanym Şahin Nilofer Döwlet Baştutanynyň enäniň we çaganyň saglygynyň meselelerine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady, bu bolsa immunizasiýa we sanjymlar boýunça köpugurly milli maksatnamalarda öz beýanyny tapýandyr. Ol şeýle-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň mundan beýläk hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýratyn belläp geçdi.