Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Şu ýylyň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ähli çäreler görüldi. Pudaklar boýunça deslapky görkezijiler munuň subutnamasy bolup durýar. Milli manadyň hümmeti durnukly saklanyp, satyn alyjylyk ukyby ýokarlanýar, Döwlet býujetine üstünlikli amal edilýär hem-de kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldawlar berlip, hususy ulgamda täze önümçilikler işe girizilýär.

Şeýle hem obasenagat toplumyny özgertmegiň barşy hakynda habar berildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Görlen çäreleriň hatarynda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak, gök-bakja, ýeralma ekinlerini, üzümi, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça hem-de daýhan hojalyklary we kärendeçiler üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak, oba hojalyk önümlerini öndürijilere karz bermegiň şertlerini kämilleşdirmek, ekin meýdanlarynyň dolanyşygyna gaýtadan seretmek ýaly işler görkezildi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasyny gutarnykly işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky mesele hasabatyň esasyny düzdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň deslapky jemleri barada hasabat bermek bilen, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede üpjün ediljekdigini habar berdi.

“Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, býujet serişdeleriniň 76,6 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrmagyň hasabyna hem-de giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen geljekde jemi içerki önümiň möçberiniň ýokarlanmagy üpjün ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklary ösdürmegiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli hem-de aýratyn iri möçberli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna durnukly ösüş depginlerini saklamagyň 2019-njy ýylyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz pudaklaryň düşewüntliligini hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy, elektron senagatyny ösdürmegi, eksport ugurly senagat önümleriniň mukdaryny artdyrmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmagy, maýa goýum işjeňligini, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmagyň dowam etdirilmegini, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlemek bilen, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi, ol «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi durýar. Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu strategiýanyň baş maksatlaryny kesgitledi. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň parahat hem-de durnukly ösmegi üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky ornunyň güýçlendirilmegi, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitleriniň yzygiderli goralmagy ýaly ugurlardan ybaratdyr.

Hasabatda şu maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmaga, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan meseleleriň çözülmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy halkara ykdysady hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatynyň ýokary netijeliligini aýratyn belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa howpsuzlygy babatdaky Kararnamalary energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn işleriň täze halkara hukuk guralyny döretmek üçin esas boldy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda öz Kararnamalary bilen ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy guramagyň düýbünden täze ýollaryny tassyklady. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy forumy hem şu meselelere bagyşlandy.

Dünýä jemgyýetçiligi milli Liderimiziň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak ýaly ählumumy gün tertibinde durýan derwaýys meseleler boýunça başlangyçlaryny doly goldaýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek baradaky baş pikiri giň halkara goldawa eýe boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan halkara ynsanperwer ölçegler babatda hem örän köp işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň agzasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň möhüm hyzmatdaşy bolmak bilen, adam hukuklary baradaky halkara Konwensiýalaryň we degişli maksatnamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary esasynda ýurdumyzda ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 8880-si Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Döwletimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça dünýä giňişliginde alyp barýan işi Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň, ýagny Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan bu köptaraplaýyn halkara resminamanyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşan Milletler Bileleşiginiň işjeň agzalarynyň biri boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilenden soňra Türkmenistan dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ýerine ýetirmäge başlan ilkinji döwletleriň hataryna girdi. Bu gün Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bu giň möçberli we uzak möhletli Strategiýany durmuşa geçirmek üçin ähli zerur tagallalary edýär.

Türkmenistan bu gün dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we alyp barýar. Biziň ýurdumyz halkara guramalaryň 47-siniň agzasydyr. Häzirki wagtda daşary döwletlerde ýurdumyzyň ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik wekilhanalarynyň 38-si hereket edýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri şol bir wagtda beýleki onlarça döwletlerde resmi taýdan Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hemişelik esasda ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 15-si işleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary boýunça kabul edilen «Diplomatik gulluk hakynda», «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hakynda», «Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we onuň daşary ýurtlardaky edaralarynyň netijeli işlemegi üçin kuwwatly hukuk binýadyny döretdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşary syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça berýän tabşyryklaryny dürs we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin türkmen diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçilerini wezipelere bellemek boýunça teklipler taýýarlanyldy, olar hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ilçileri wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetinde Daşary işler ministrliginiň ähli maliýe we maddy zerurlyklary, diplomatik işgärleriň we olaryň maşgala agzalary üçin durmuş ýeňillikleriniň göz öňünde tutulandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ç.Nyýazowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň ilçisi, Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmak, Ş.Jumaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) ilçisi wezipesine bellemek, A.Annaýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek bilen, ony Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, M.Aýazowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek bilen, ony Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, Ç.Rustemowany başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak, P.Durdyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bangladeş Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, N.Amanmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Ç.Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna maslahat geçirmegi we öz işini tamamlan ähli ilçilere şu wezipede bitiren işleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Kararlara gol çekip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezini açyp, bu institutyň düzümini, şeýle hem DIM-niň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady. Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölümi hem-de diplomatik gullugyň arhiw bölümi döredildi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa geljek ýylyň şygary hakyndaky teklip bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyna garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýeti batly depginler bilen ösýär. Söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlary innowasion esasda ösdürmek babatda oýlanyşykly syýasat ýöredilýär. Ylma, bilime, sporta, saglygy goraýşa, medeniýete we ilatyň durmuş goraglylygyna maýa goýumlary artdyrylýar. Ykdysadyýetiň hususy bölegine, kiçi we orta telekeçilige giňden goldaw berilýär.

2018-nji ýylda bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardylar, täze obalaryň birnäçesiniň düýbi tutuldy, bularyň ählisi syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen, uly maýa goýum mümkinçiligi bolan ýurduň derejesini görkezýän hakykatdyr.

Geçip barýan ýylyň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Mejlisiň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaşa, açyklygy we howpsuzlygy kepillendirýän ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Bu barada milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden taryhy çykyşynda hem beýan edildi hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldaw tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda birnäçe ýurtlar bilen dostluk we hyzmatdaşlyk babatda ylalaşyklar baglaşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara konwensiýalary we ylalaşyklary Mejlisiň maslahatlarynda tassyklanyldy. Şeýlelikde, dostlukly ýurtlar bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň halkara hukuk esaslary berkidildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda täze kanunlaryň birnäçesi kabul edildi we hereket edýän kanunlaryň onlarçasy kämilleşdirildi. Bu işlere deputatlar bilen bilelikde, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary hem işjeň gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň aňyrsynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni we geljegi baradaky alada durýar. Bular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl neşir edilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaplarynda hem öz beýanyny tapdy.

2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň taryhy ýüpek ýoluny dikeltmekdäki, onuň häzirki zaman şertlerinde ösüşine goşandyny, şöhratly taryhyny we medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli boldy.

Milli Liderimiziň başyny başlan her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgesi asylly däbe öwrülip, ol döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär.

Mejlisiň Başlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan üstünlikleri, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaş nesli Watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem milli Liderimiziň taýsyz tagallalaryny doly goldaýan, şol işlere buýsanç bilen goşant goşýan ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýönekeý raýatlarymyzyň 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky teklibini hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň öňe süren teklibini makullady hem-de geljek ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny, onuň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny belledi.

Şeýle hem bu şygar Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary, amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar bilen utgaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz bu teklibi kanunçylyk taýdan resmileşdirmegiň hem-de onuň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň ähli gatlaklaryna ýetirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de wise-premýer B.Abdyýewa anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasyna ünsi çekip, geljek üçin onuň esasy wezipelerini kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir.

Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýarys. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly köpeldilýär. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede durnukly bolmagynda galýar. Hümmetsizlenmek göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we sanly ykdysadyýete geçmek işleri depginli alnyp barylýar. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul eden çärelerimiz hem öz netijelerini berip başlady. Şu ýyl bugdaýyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy. Ýurdumyzda iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar, esasy gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar hem-de olar ulanmaga berilýär. Amala aşyrylýan bu işleriň netijesinde, biz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy we syýasy ulgamynyň berkligi, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýandygy bilen hem tapawutlanýandygyny belledi. Bularyň ählisi halkara giňişlikde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýän düýpli şertler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçip barýan ýylyň ýurdumyz üçin halkara meselelerde hem, umuman, üstünlikli ýyl bolandygyny belledi. Biz öňde goýan maksatlarymyza we saýlap alan ýolumyza laýyklykda, halkara giňişlikdäki gatnaşyklarymyzy belli bir maksat bilen yzygiderli ösdürdik.

Türkmenistanyň daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, ýagny bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek arkaly amala aşyrylýar. Şeýle syýasat bize hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça jikme-jik we köpugurly gepleşikleri alyp barmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy we diplomatik işi strategik ugurlaryň ikisi boýunça durmuşa geçirilýär. Bu ugurlar «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda» beýan edildi. Bular bolsa daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary yzygiderli berkitmekden hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, biz goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Biz bu döwletler bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesini gazandyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Dürli ugurlar boýunça açyk hem-de netijeli gatnaşyklary alyp barýarys.

Diňe şu ýylyň özünde goňşy ýurtlarymyz bolan Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ýurdumyza döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelmeginiň özi hem şeýle syýasatyň netijelidigini görkezýär. Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarda biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda hem gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şu ýyl Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde hem işler başlandy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Serhetabat — Turgundy ugry boýunça demir ýoluň gurluşygy tamamlandy. Owganystanyň Akina menzilinde demir ýoluň täze böleginiň gurluşygyna başlandy. Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) üstaşyr geçelgesine degişli ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahat bu ýurtlaryň geljegi örän uly bolan taslamany durmuşa geçirmäge ýokary derejede taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Owganystan bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen tarapy hemişe bu ýurduň doly bahaly gatnaşyjy we deňhukukly hyzmatdaş hökmünde sebit hem-de halkara taslamalaryna goşulmagynyň zerurdygyny belläp geçýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurt hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmak üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk hem dowam eder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Azerbaýjan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi dowam etjekdigini nygtap, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýaňy-ýakynda Aşgabada bolan resmi saparynyň bu ugurda möhüm ädim bolandygyny belledi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň barşynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary we mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen hem yzygiderli dostluk gatnaşyklaryny we netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine geljekde hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gazak gatnaşyklaryna degip geçmek bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyklarynyň dowamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda ylalaşygyň gazanylandygyny belledi. Ykdysady ulgamda, hususan-da, işe girizilen Gazagystan–— Türkmenistan–—Eýran demir ýoluny göz öňünde tutmak bilen, ulag babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi.

Soňky ýyllarda biz Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda doganlyk gatnaşyklarymyzyň işjeň alnyp barylmagy bu hyzmatdaşlygyň netijelidiginiň aýdyň mysalydyr.

Biz Täjigistan hem-de Gyrgyzystan bilen hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdüreris. Bu döwletler bilen bizi umumy taryhymyz we medeniýetimiz birleşdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Goňşy döwletlerimiz bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitimizi parahatçylyk, durnuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek geljekde hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolmagynda galar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň goňşy döwletlerdäki ilçilerine gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, kabul edilen borçnamalaryň takyk ýerine ýetirilmegini hormat goýmak bilen, ýöne tutanýerli gazanmagy tabşyrdy.

Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli, dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde hut şu sebitde maliýe, ykdysady we tehnologik ösüşiň täze merkezleri kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, biz Hytaý,Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Malaýziýa ýaly ýurtlar bilen uly işleri alyp barmalydyrys. Bu ýurtlaryň maliýe edaralary hem-de işewür toparlary bilen hemişelik gatnaşyklary ýola goýmalydyrys. Türkmenistanyň öňe sürýän ykdysady taslamalaryna bu ýurtlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biziň ýurdumyzyň Ýewraziýa ugurlarynyň çatrygynda, geografiýa taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň örän möhüm böleginde ýerleşmegi Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň, Günorta Aziýanyň, Gara we Ortaýer deňizleriniň sebitleriniň bazarlaryna Türkmenistanyň örän gysga ýol bilen çykmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň bu hyzmaty ýerine ýetirmegine işjeň ýardam bermek Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryndaky diplomatik gulluklarymyzyň we wekilhanalarymyzyň häzirki döwürde öňünde goýulýan esasy wezipedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň Ýewropa ugruny ikitaraplaýyn derejede hem, Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça hem hil taýdan işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň oktýabr aýynda ýewropaly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistan bilen howpsuzlyk, energetika, ulag, söwda, ekologiýa babatda arkalaşykly işlemegi giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Biz hem bu işe taýýardyrys we ýewropaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen yzygiderli, uzak möhletli gatnaşyk etmäge bolan islegini goldaýarys. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde alyp barýan işimizi depginli dowam ederis.

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Halkara syýasy giňişlikdäki köpýyllyk ysnyşykly hyzmatdaşlyk, birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny, özara goldamak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynlygydyr. Bilelikdäki işiň ugurlaryny giňeltmek, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak türkmen-russiýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy häsiýetli tarapydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Russiýaly hyzmatdaşlarymyz bilen ylym-bilim we medeni gatnaşyklary berkitmegiň uly geljeginiň bardygyny görýäris.

Ermenistan, Gruziýa, Belarus, Ukraina, Moldowa döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny Türkmenistan gyşarnyksyz ösdürýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu bolsa Gara deňzi sebitine, Günorta we Gündogar Ýewropa döwletlerine çykmak bilen, biziň ulag üpjünçilik ulgamlarymyzy ösdürmek baradaky meýilnamalarymyzy göz öňünde tutanyňda aýratyn möhümdir.

Türkiýe Respublikasy bilen biziň doganlyk gatnaşyklarymyz barha giňeýär we ösýär diýip, milli Liderimiz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde gatnaşyklary berkitmek boýunça köptaraply bilelikdäki hereketleri ösdürmäge, sebitara gatnaşyklaryň täze gurluşyny döretmäge oňyn täsir edýändigini belledi.

Däp bolşy ýaly, Günorta Aziýa hem Türkmenistan üçin uly ähmiýetli sebit bolup durýar. Ýurdumyz Hindistan we Pakistan bilen gatnaşyklary özara hormat goýmak esasynda ýola goýmak bilen, bu döwletleri syýasy, söwda-ykdysady we energetika ulgamlarynda möhüm hyzmatdaşlary hasaplaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklarynda has öňegidişlikler gazanyldy. Katara, Saud Arabystanyna, Kuweýt Döwletine, Birleşen Arap Emirliklerine ýokary derejedäki resmi saparlar bolup geçdi. Arap dünýäsiniň şu we beýleki döwletleri, umuman, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek dünýä ykdysadyýetine hem-de söwda ulgamyna goşulmak üçin Türkmenistana goşmaça uly mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogarda ýurdumyza wekilçilik edýän ilçilerimiziň gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmelidigine ünsi çekdi. Bu ylalaşyklar maýa goýum, energetika, ulag we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, ozaly bilen, Merkezi Aziýada we serhetdeş zolaklarda parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi saklamak ýaly möhüm meselelerde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini nygtady. Biz energetika howpsuzlygyny, ykdysadyýeti, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmegi gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Latyn Amerikasy döwletleri bilen hem alyp barýan işlerimizi güýçlendirmek gerek. Şu kontinentiň Braziliýa, Meksika, Argentina ýaly ýurtlary Ýer ýüzüniň ykdysady taýdan ösen iň iri ýigrimi döwletiniň hataryna girýär. Bu ýurtlar dürli ugurlarda giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, Latyn Amerikasy döwletleri hiç bir toparlara girmeýändigi bilen tapawutlanýar hem-de däp bolşy ýaly, halkara guramalarda ösüp barýan ýurtlary goldaýarlar. Bu bolsa, daşary syýasatda hyzmatdaşlyk etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Afrika kontinentiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň, aýratyn-da, Afrika Birleşigi hem-de Demirgazyk we Günbatar Afrika döwletleri bilen gatnaşyk edip başlandygyny göz öňünde tutanyňda, bu hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny bellemek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu ýylyň awgust aýynda bolup geçen möhüm waka ünsi çekdi. Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Bu resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň täze tapgyryna öwrüldi. Ykdysadyýetde, söwda, ulag we tebigaty goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Indi biziň öňümizde bu resminamany düzýän çözgütleri ýerine ýetirmek boýunça tagallalary birleşdirmek wezipesi durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Hazarýaka döwletlerindäki ilçilerine bu Konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyryp, kenarýaka ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek boýunça ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Aral meselesini çözmek hem örän möhüm ugur bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eden iki ýylynyň dowamynda bu düzümiň işini ep-esli güýçlendirmegiň, oňa zerur bolan takyklygy bermegi başarandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz dokuz ýylyň dowamynda ilkinji gezek ýurdumyzyň başlangyjy boýunça şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda AHHG-ny esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygyny mysal hökmünde getirdi. Türkmen tarapynyň teklibi boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Jemleýji resminamasyna Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky düzgün girizildi.

Munuň öňüsyrasynda, ýagny 2018-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky Türkmenistanyň wekillerine bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmegi, onuň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda goldanylmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ähli döwletleriň deňhukuklylygy, özara hormatlamagy we jogapkärçiligi esasynda suw meselesi boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistan şu nukdaýnazardan yzygiderli çykyş etmek bilen, sebitde suw meseleleriniň, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, üçünjiden bolsa, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe öňe sürüp geldi.

Şu meselede biz suwuň bütin dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, suwa deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmegiň bolsa adamyň esasy hukugy bolup durýar diýen düşünjeden ugur alýarys. Suw meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň ähli diplomatik wekillerimiz hut şu ölçegleri goldanmalydyr. Umuman, biz halkara işde suw diplomatiýasy ugruny güýçlendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, ulag we energetika diplomatiýasynyň ornunyň hem ýokarlanýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda türkmen tarapy eýýäm belli bir iş tejribesini toplady. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp düzmegi, hakyky ussat hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Şol hünärmenler meselä düýpli düşünip, hyzmatdaşlar bilen jikme-jik we hemmetaraplaýyn gepleşikleri alyp barmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu maksat bilen, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň has möhüm ugurlary boýunça ýörite okuw merkezini döretmek barada çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde öz milli diplomatiýa mekdebimizi döretmegi başarandygymyzy belledi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilenine on ýyl boldy.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde dört fakultetde okuwlar alnyp barylýar, iki sany merkez işleýär. Institutyň işiniň ylmy-barlag ugruny güýçlendirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz syýasaty öwrenişe, häzirki döwürde dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlary hem-de meýilleri öwrenmäge aýratyn ünsüň beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu institutyň tejribe geçmek bilen bagly işini güýçlendirmek, mugallymlaryny we talyplaryny beýleki döwletleriň ýokary diplomatik okuw mekdeplerine tanyşdyryş saparlaryna ýygy-ýygydan ibermek hem zerur bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň 2019-njy ýyly «Parahatçylyk we Abadançylyk» şygary bilen geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Bu teklibi öňe sürmek bilen, biz dartgynly ýagdaýlary gowşatmagy, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy diplomatik usullar bilen çözülmegini maksat edindik. Şeýlelikde, jogapkärli we oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutduk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrligine degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu teklipler Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde umumy gepleşikler ulgamyny tapmaga, dünýä syýasatynyň esasy meselelerini çözmekde päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we özara düşünişmegi ýola goýmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz daşary ykdysady ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmegi hem daşary syýasy gullugyň işinde möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň bir ýüzden hem köp döwleti bilen ykdysady, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny saklaýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýyna öz wagtynda we dogry baha bermäge hem-de geljekde bu gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemäge şert döredýän seljeriş işini güýçlendirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginde täze düzüm birligini — Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölümini döretmek barada çözgüt kabul edildi. Iri halkara taslamalary öwrenmek we şolary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de dürli ýurtlar bilen ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işine gözegçilik etmek hem-de utgaşdyrmak bu bölümiň wezipesine girer. Döwlet Baştutanymyz bu işi yzygiderli ýola goýmagyň, oňa hemişelik we belli bir maksada gönükdirmek häsiýetini bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Daşary işler ministrliginiň arhiw gullugynyň mümkinçiligini berkitmegiň hem möhümdigini belledi. Bu gulluk Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça zerur resminamalary döwlet edaralarynyň ýüztutmalary esasynda bermäge hemişe taýýar bolmalydyr. Daşary işler ministrliginde bu işi kämilleşdirmek maksady bilen, Diplomatik gullugyň arhiw bölümi açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň aýratyn ähmiýetini belläp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň hem-de mertebesiniň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň, ykdysady ösüşiniň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesiniň köplenç bu işiň netijeli bolmagyna baglydygyny aýtdy. Biz muňa düýpli düşünmelidiris hem-de ony gündelik işde goldanmalydyrys diýip, milli Liderimiz belledi.

Şoňa görä-de, döwletimiz diplomatlarymyzyň işine geljekde hem uly üns berer, Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we wekilhanalarymyzyň doly derejede işlemegi üçin ähli zerur guramaçylyk, maliýe, maddy-enjamlaýyn hem-de beýleki şertleri döreder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz diplomatlarymyzyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge doly jogapkärçilik bilen düşünip, geljekde hem söýgüli Watanymyzyň — Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerine gulluk etjekdigine berk ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.