Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa stadionynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

 

28-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda nurana we ajaýyp baýramçylyk bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli giň möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyzlyk — munuň özi hiç zat bilen deňäp bolmajak düşünje, döwlet berkararlygynyň pugta binýady, halkyň agzybirligi hem-de bitewüligi. Bu bolsa şöhratly pederlerimiziň parahat, erkin we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň häzirki güni hem-de beýik geljegi barada eden arzuwlarynyň amala aşmagydyr.

Taryh üçin gysga döwrüň içinde döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýüzýyllyklara barabar ýoly geçdi. Türkmenistanlylaryň öndürijilikli zähmeti netijesinde durmuşyň ähli ulgamlary sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Watanymyz özüniň halkara abraýyny pugtalandyryp, ägirt uly üstünlikler gazandy.

Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna eýe bolmagy taryhy ähmiýetli wakadyr. 1991-nji ýylda halkymyzyň özbaşdak döwlet hakynda eden köpasyrlyk arzuwy amala aşdy. Bu sene häzirki döwürde hem watandaşlarymyza döredijilik ukybyny berýär we parahatçylygy hem-de dostlugy berkidýär.

Edermen ata-babalarymyzyň mukaddes ruhy siňen sahawatly türkmen topragynda şu günler Garaşsyzlygyň 27 ýyllygy ählihalk dabarasy hökmünde ýokary ruhubelentlikde we milletiň ruhy bitewüliginde dabaralandyrylýar. Ajaýyp senäniň şanyna Watanymyzyň paýtagtynda we bedew bady bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, kärhanalar, dürli maksatly desgalar ulanmaga berilýär. Seýilgählerde we medeniýet merkezlerinde köpöwüşginli aýdym-sazly çäreler guralýar. Munuň özi watandaşlarymyzyň kalbynda şatlyk we özygtyýarly Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny döredýär.

Agşamlyk baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki 45 müň orunlyk stadionda dowam etdi. Bu stadion geçen ýylyň güýzünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň geçirilýän merkezine öwrülipdi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, şeýle abraýly ýaryşlary geçirmäge hukuk gazanandygyny bellemeli. Bu oýunlary geçirmegiň taryhynda ilkinji gezek oňa Aziýa yklymyndan başga-da, Okeaniýa döwletleriniň, şeýle hem bosgunlar toparlary gatnaşdy.

...Baýramçylyga tomaşa edýänleriň we oňa gatnaşyjylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary we dürli reňkdäki şarlar bar. Hemme zat giň möçberli dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi.

Dabaraly pursat başlanýar. Baýramçylygyň başlanýandygyny alamatlandyrýan owazlar ýaňlandy. Sport arenasynyň merkezinde gyzyl geýimli tansçylar iki halkany emele getirdiler. Onuň merkezinde bolsa ak geýimdäki gyzlar “XXVII” belgini şekillendirdiler. Welaýatlardan gelen toparlar her welaýata mahsus milli lybasda bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy kartasynyň şekilini döretdiler.

Stadionda Döwlet senasy ýaňlandy. Tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň birikmeginde ýerine ýetirilen sena mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgulary joşdurdy. Munuň özi halkymyzyň bozulmaz agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşanyna öwrüldi. Älemgoşar öwüşginli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana göterildi.

Türkmen halkynyň adyna Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine özgertmelere badalga beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag sözleri ýaňlandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berip, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini dünýä äşgär etmäge mümkinçilik berdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan täzeçil özgertmeleriň başyny başlan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinen milli Liderimiz ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerini wasp edýän baýramçylyk aýdymy ýaňlanýar. Häzirki döwürde 27 ýyl mundan ozal dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilen ýurdumyzyň taryhyna halkymyzyň gazanan ajaýyp ýeňişlerini aýan edýän täze sahypalar ýazylýar. Raýatlaryň durmuş ulgamyny düýpli özgerden giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar we täze belentliklere ýetilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň toplumlaýyn ösüşine ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň durmuş derejesiniň gowulanmagyny, milletiň ruhy ösüşini şertlendirýär.

Şunlukda, milli Liderimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryna, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine laýyk gelýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösüşiniň, türkmen jemgyýetiniň hil taýdan täze derejä çykmagynyň möhüm şertini emele getirýär.

Stadionda gadymy Amul, Merw, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç şäherleriniň taryhy keşpleri bir-biriniň yzyndan peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda hut şu taryhy ýerler öz beýanyny tapýar. Stadionda oturdylan ägirt uly monitorda häzirki döwürde täze görnüşde dikeldilýän taryhy ugur bilen baglanyşykly wideofilm görkezilýär.

Soňra stadionda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ugraýan kerwen ýollarynyň görnüşleri peýda bolýar. Oňa gatnaşyjylar söwdagärleriň we jahankeşdeleriň lybasynda bolup, stadionyň merkezine ýygnanýarlar we bu görnüşler müňýyllyklaryň taryhyny alamatlandyrýar. Gadymy döwürde türkmen topragynda ýerleşen kerwensaraýlarda dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän täjirler ýük ýazdyrypdyrlar. Olar Aziýadan Ýewropa tarap geçýän söwda ýoly boýunça, esasan, ýüpek harytlary äkidipdirler. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýoly boýunça täjirler Ortaýer deňzine çenli baryp, şol ýerden tutuş Ýewropa ýaýrapdyrlar. Ussaçylyk däpleri şol döwürden bäri ýitmän gelýär. Senetçilik sungaty nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde diňe bir milli miras ýa-da muzeý gymmatlygy bolman, eýsem, nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygyny emele getirýär.

Soňra stadiondaky monitorda Türkmenistanyň häzirki durmuşy baradaky wideofilm başlanýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi, täze demir we awtomobil ýollarynyň, turbageçirijileriň gurulýandygy görkezilýär. Şolaryň üsti bilen Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilýändigi beýan edilýär.

Soňra folklor we tans toparlarynyň çykyşlary dowam edýär. Olar agzalan taslamalaryň çeper keşbini beýan edýärler. Çykyşyň ahyrynda bolsa Türkmenistanyň esasy howa derwezesi hasaplanylýan Aşgabadyň Halkara howa menzilini şekillendirýärler.

Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitaby esasynda taýýarlanan täze çykyşlar bilen dowam edýär. Gyzlar meýdançada Günüň keşbini döredýärler. Onuň töwereginde hüwdi sesleriniň astynda çagalar tans toparlary çykyş edýärler.

Soňra stadionyň merkezinde gyzlar we oglanlar bedewiň kellesiniň we nalynyň şekilini janlandyrýarlar. Bu Aziada 2017-niň baş nyşanydyr. Türkmen atly ýigitleriniň çykyşlary milletiň asyrlar aşyp gelýän at üstündäki oýunlarynyň ussatlyk derejesini alamatlandyrýar. Olar pederleriň däplerini dowam edip, özleriniň çalasyn we çylşyrymly çykyşlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrýarlar. Atlylar özleriniň ussatlygy, hereketleriniň dürslügi we çalasynlygy bilen ynsan kalbyna täsir edýär.

“Behişdi bedewler” türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Dünýäniň atşynaslary arassa ganly ahalteke bedewlerini edinmegiň arzuwynda. Çünki bu tohumdaky bedewler diňe bir gözelligi we çydamlylygy bilen däl, eýsem, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýýar.

Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini teklip eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bolan aýratyn söýgüsi hemmelere mälimdir. Bu assosiasiýa häzirki döwürde dünýäniň ahalteke atlaryny saklaýan ýurtlarynyň hemmesini özünde jemleýär.

Türkmen bedewleri gözelliginden, çeýeliginden we çydamlylygyndan başga-da, guralýan bäsleşiklerde özleriniň deňsiz-taýsyz ukybyny äşgär edýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynda eýe bolýan köp sanly baýraklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra baýramçylyk dabaralary türkmen türgenleriniň toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olimpiýa şäherçesindäki stadionyň meýdançasy sanlyja pursatda sportuň onlarça görnüşleri boýunça görkezme çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylýan ýerine öwrüldi.

“Saglygym — baş baýlygym” diýen halk pähiminden ugur alnyp, Türkmenistanda milletiň saglygy döwletiň iň ýokary baýlygy hökmünde kesgitlendi. Onlarça täze sport desgalarynyň soňky ýyllaryň içinde tutuş ýurdumyz boýunça gurulmagy bu ulgamyň kämilleşdirilmegi hakynda döwlet derejesinde alada edilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki zaman sport düzümi halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Türgenler stadionyň merkezinde ylgaw ýaryşlaryny, welosipedli ýörişi we “Amul — Hazar 2018” awtorallini, şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny alamatlandyrýan kompozisiýany ýerine ýetirýärler.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň jemlemesine öwrüldi. Olar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Küştdepdi” tansyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Artistleriň sazlaşykly hereketleri halkymyzyň öz milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyryp, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we ösüşiniň baş nyşanyny emele getirdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň, agzybir türkmen halkynyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna mübärek sözler aýdyldy.

Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralarynyň ahyrynda stadionyň merkezinde şanly sene mynasybetli “XXVII” belgi we Garaşsyzlyk binasynyň şekili emele geldi.

Dabara gatnaşyjylar we köp sanly tomaşaçylar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, halkymyzyň abadançylygyna we beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdyma goşuldylar.