img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň wekiliýeti Çagalara garşy zorlugyň öňüni almak boýunça ikinji ählumumy ministrler maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Filippinler Respublikasynyň Manila şäherinde geçirilen Çagalara garşy zorlugyň öňüni almak boýunça ikinji ählumumy ministrler maslahatyna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýokary kazyýetiniň we Baş prokuraturasynyň wekilleri hem girdiler.

Maslahat hökümetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyna girýän edaralaryň, raýat jemgyýetiniň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemläp, çagalara garşy zorlugyň ähli görnüşleriniň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirildi.

Plenar we tematiki mejlisleriň dowamynda çagalary goramagyň milli ulgamlaryny kämilleşdirmek, zorlugyň öňüni almak we oňa garşy dessin çäre görmek mehanizmlerini berkitmek, saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goramak ulgamlarynyň ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem ene-atalara we maşgalalara goldaw bermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy saglygyny goramak, olaryň sanly giňişlikdäki howpsuzlygyny üpjün etmek, pudagara we pudaklaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem çagalary goramak boýunça maksatnamalaryň durnukly maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahat tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, çagalara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmegi göz öňünde tutýan 16.2-nji wezipä ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm halkara meýdança boldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu halkara çäresine gatnaşmagy ýurduň çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem degişli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.