img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan COP31-iň çäklerinde nobatdaky tematiki sessiýany geçirdi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan «Howa boýunça hasabatlylyk we aýdyňlyk: parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy tagallalara Türkmenistanyň goşandy» atly nobatdaky tematiki sessiýany geçirdi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan bu çäre Türkmenistanyň milli pawilýonynda geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler gatnaşdylar.

Sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň düzgünlerine laýyklykda milli howa boýunça hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek we onuň aýdyňlygyny üpjün etmek babatda gazanan netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Milli derejede kesgitlenýän goşandyň (MDKG) durmuşa geçirilmegine, milli habarlaryň we aýdyňlyk boýunça iki ýyllyk hasabatlaryň taýýarlanylmagyna, şeýle hem institusional mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Çäräniň gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Dördünji milli habaryny, Aýdyňlyk boýunça ilkinji iki ýyllyk hasabatyny we 2035-nji ýyla çenli döwür üçin milli howa ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän täzelenen MDKG 3.0 resminamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat ýetirildi.

Tematiki çykyşlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we BMGÖM-niň wekilleri parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek, metan zyňyndylaryny ölçemegiň, hasaba almagyň we tassyklamagyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem howa syýasaty babatda pudagara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň BMGÖM we beýleki halkara hyzmatdaşlary bilen howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň hem-de Pariž ylalaşygynyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Sessiýanyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar milli howa boýunça hasabatlylyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we howa babatdaky çäreleriň aýdyňlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan yzygiderli işleriniň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlylygynyň nobatdaky beýany boldy.