img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristin Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary depginler bilen ösdürilýändigini bellediler.

Türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň esasy hereketlendiriji güýç bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen geçiren duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Iki döwletiň hem ygrarly bolan bitaraplyk syýasatyna laýyklykda, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugurlaryň biri boldy. Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristin Şwars-Fuksuň şu saparynyň çäklerinde oňa 30-dan gowrak awstriýaly kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat giň düzümdäki işewürler wekiliýeti hem ýoldaşlyk edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde parlamentara dialogyň möhüm ornuny nygtadylar