img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy

photo

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.

Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Maslahatyň ýokary derejeli mejlisi açyk diýlip yglan edilenden soňra, çykyş etmek üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi hem-de häzirki döwürde öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda koreý kompaniýalary ýurdumyzda işlemegiň uly tejribesini topladylar.

Şunuň bilen baglylykda, «LX International Corp.» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käni boýunça tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem «SK Networks» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak we konsultatiw hyzmat etmek işleri durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar hem-de ýeňil awtoulaglary düzýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilýändigini nygtap, geljekki taslamalar boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny, ýakyn geljekde olary durmuşa geçirmäge badalga beriljekdigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Ulag-logistika, üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek geljegi uly ugur bolup durýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmenistanyň koreý kompaniýalarynyň degişli üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmagyna seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýratyn

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna we iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän täze anyk taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Suka söz berildi. Ol hemmeleri Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de koreý işewürleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýandygy üçin döwlet Baştutanymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tehniki ylymlaryň doktory alymlyk derejesi we energetika senagaty baradaky çuňňur bilimi şu duşuşygyň many-mazmunyny has-da artdyrýar.

Han Son Suk toplanan tejribä daýanyp, ykdysady hyzmatdaşlykda iki ýurduň öňünde duran 3 esasy ugry belledi. Olar energetika we infrastruktura desgalarynyň gurluşygy; gämi gurluşygy we ulag-logistika; bilelikde hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegi üçin Aşgabatdaky Patyşa Sejong instituty arkaly medeni alyşmalary ösdürmek bilen bir hatarda, tehniki hünärmenleri taýýarlamak işi hem utgaşdyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Koreýanyň uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy, tehniki bilimi, amaly tejribeleri giňeltmek esasynda hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Han Son Suk çykyşynyň ahyrynda şu duşuşygyň iki ýurduň kompaniýalary üçin täze maýa goýum mümkinçiliklerini açmaga, öz amaly pikirlerini Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümet wekillerine ýetirmäge uly mümkinçilik döredýändigini aýdyp, Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň telekeçileriň täze başlangyçlaryny köptaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Soňra Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň başlygy Jin Sik Ýun çykyş edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynda tüýs ýürekden mübärekledi hem-de şu maslahata gatnaşýandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Jin Sik Ýun koreý kompaniýalarynyň öňdebaryjy senagat tehnologiýalarynyň, iri taslamalary amala aşyrmakdaky başarnyklarynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri we uly ösüş mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylmagynyň iki tarap üçin hem ýokary netijeleri berjekdigine ynam bildirdi.

«Koreýa — Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigi bellenildi.

Çykyşynyň ahyrynda Jin Sik Ýun ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynyň iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy

Soňra Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy.

Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Forumyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş eden wekiller özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar. Şunda koreý işewür toparlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Soňra Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.