img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Ir bilen Türkmenistanyň döwlet Baştutany Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy.

Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň «Çhonwade» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon mähirli garşylady.

Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Prezident Li Çže Mýon belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Koreýa Respublikasyna gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna gelmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Koreýanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidentiniň şu döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany alamatlandyrjakdygyna, köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreýanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, sebitde çylşyrymly syýasy dartgynlylyk döwründe Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmäge döredilen mümkinçilik hem-de berlen goldaw üçin türkmen tarapyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Koreýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryny hemişe goldap çykyş etdi.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň düzýändigini, gämigurluşyk pudagynda koreý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň taslamasyny amala aşyrmaga-da koreý kompaniýasynyň gatnaşýandygyny belläp, ýurdumyzyň maýa goýum, söwda, energetika, senagat, himiýa senagaty, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym, tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, ulag ulgamynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň koreý kompaniýalarynyň bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Ylym-bilim ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylmy işler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy üçin koreý tarapyna minnetdarlyk bildirip, Prezident Li Çže Mýony geljek ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Songýungwan uniwersitetine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom mähirli garşylady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilelikde bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda ýeten sepgitlerine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uniwersitetiň uly maslahatlar zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesini bermek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda ýygnananlar ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlary bilen tanyşdyryldy.

Soňra Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom çykyş edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de şu dabaranyň ähmiýetini belledi.

Ýu Ji Bom döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmeginiň iki döwletiň arasynda kemala gelen ylmy we dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Ýu Ji Bom hormatly Prezidentimizi syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplom gowşuryldy. Diplom gowşurylandan soňra, döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň ýolbaşçysy hem-de aspirantura fakultetiniň dekany bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra çykyş etmek üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Koreýanyň örän meşhur hem-de 6 asyrdan hem gowrak taryhy bolan gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýokary akademik derejesini almagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly doktor diýen akademiki derejäniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň talyplaryna, professor-mugallymlaryna we ähli işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

***

Döwlet Baştutanymyzyň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý tarapynyň wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.