img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar işewür gatnaşyklary giňeltmegiň we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Li Dal Gon ozal Koreýa Respublikasynyň Döwlet dolandyryşy we howpsuzlygy ministri, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary wezipelerinde işledi, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň deputaty boldy.