ürkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady.
Atçylyk-sport toplumynyň binasynyň öňünde ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda Ýewropa Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden, Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemer, Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenende, Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis Maronitis, şeýle hem Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledo çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň taryhy we medeni ähmiýetini, Türkmenistanyň milli mirasyny gorap saklamakda we dünýäde giňden wagyz etmekde olaryň eýeleýän ornuny, şeýle hem ahalteke atçylygy we atly sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. Kronenberg şäherinde geçirilýän çäreleriň halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga, halkara assosiasiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ahalteke bedewleriniň dünýäde şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir.
Şunuň bilen bir hatarda, türkmen halkynyň Milli Lideri weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şeýle hem ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmek teklip edildi.
Mejlisiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at» bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi.
Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen çözgüde görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi. Meýdança Fransiýadan gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli at çykaryldy.
Soňra “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynyň “Maya delorez” meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy.
Dabarada türkmen halkynyň Milli Liderine uly hormat bilen söz berildi.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewine bagyşlanan dünýä çempionatynyň jeminiň jemlenýändigini belläp, munuň dünýä atçylygynyň taryhynda möhüm wakadygyny aýtdy.
Şeýle-de atlaryň şaý-sepleriniň hem-de atçylyga bagyşlanan türkmen halylarynyň sergisi we sergi-ýarmarka ýokary derejede geçirildi.
Türkmen artistleriniň we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk şowhunyny döretdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara ýüzlenip, olaryň gazanan üstünlikleriniň ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgini, çeken ägirt uly zähmetini görkezýändigini aýtdy hem-de olara alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň — «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş bilen gutlady.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk bileleşigine agzybirlik, rowaçlyk we täze ýeňişleri arzuw etdi.
Çäreleriň dowamynda bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi.
Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.
Şeýle hem ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda geljekde hem zehinini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem olar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen şeýle abraýly halkara bäsleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.
Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çärelere gatnaşan ýokary derejeli myhmanlary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Biraz wagtdan Milli Liderimiz Germaniýanyň Düsseldorf şäherine geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
***
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan serginiň hem guralmagy dabaralaryň many-mazmunyny, täsirliligini artdyrdy.