img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy geçirildi

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Mihael Harms Gahryman Arkadagymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal Kansler Fridrih Mersiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem Mihael Harms möhüm çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Şunda saglygy goraýyş, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-german hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekip, şu ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk desgalarynda Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Mihael Harmsy ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň ähli ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Mihael Harms Arkadag şäherinde bina edilýän lukmançylyk klasteriniň ähmiýetini belläp, german tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.