Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministriniň orunbasary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministriniň gümrük ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Ýe.Biržanowyň bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar gümrük we salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususanda bu ugurlarda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň arasynda wekiliýetleriň alyş-çalşyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň soňunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.