img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda Ilçi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty Federasiýasynyň Prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy.

2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderland Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Ilçi R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň milli baýlygy bolan we özboluşly häsiýetleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen ahal-teke at tohumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki ýurduň degişli guramalarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamaga özara gyzyklanma bildirildi.