img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň iki ýurduň arasynda medeni dialogy, özara düşünişmegi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem, Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm orny bellenildi.