img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Walentina Matwiýenko Milli Liderimiziň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidentine salamyny, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine alýan duşuşyklardyr gepleşikler dostlugyň, özara hormat goýmagyň, goldaw bermegiň berk däplerine esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklary we köpugurly özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orny eýeleýär.

Milli Liderimiz Walentina Matwiýenkonyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Hut Walentina Matwiýenkonyň Russiýanyň Senatynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy we halkara parlament hereketiniň görnükli wekili hökmünde alyp barýan işi köp sanly döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm başlangyçlar üçin esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen bilelikde jemgyýetçilik, syýasy we ynsanperwer ulgamlarda asylly başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda jemgyýetde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga, demografiýa, saglygy goraýyş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlaryň geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen bilelikde alnyp barylýan işlerde halklarymyzyň taryhyny öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen işlere möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugy berkitmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebiniň binalar toplumyny giňeltmek, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, Aşgabatda halklarymyzyň dostlugyna bagyşlanan ýadygärligi bina etmek ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly dosty hökmünde türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belledi hem-de türkmen halkynyň adyndan Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.