img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

photo

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyldan gowrak dowam edýän gatnaşyklaryň ähmiýetini we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, medeniýet hem-de beýleki özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bellediler.