img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Pnompende Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kamboja Patyşalygyna saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 8-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pnompen şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanowyň Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.

Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji syýasy geňeşmeleriň ýokary derejede guralandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bu geňeşmeleriň öň gazanylan ylalaşyklaryň logiki dowamy bolup, döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Yzygiderli syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmäge, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamak arkaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň ugrunda çykyş etdiler.

Ykdysady özara täsiri artdyrmagyň geljegi Kambojanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Neok Oknha Kit Meng bilen geçirilen duşuşygyň esasy ugry boldy. Türkmen tarapy iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biznes-forumlary, söwda missiýalaryny we tematik onlaýn-duşuşyklary guramak arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.

Sanly söwdany ösdürmek, telekeçilik wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlaryny amala aşyrmak we halkara sergilerine gatnaşmak, iki ýurduň eksport mümkinçilikleriniň tanyşdyryşlaryny guramak, kiçi we orta biznes ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de erkin ykdysady zolaklaryň we senagat klasterleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Saparyň çäklerinde şeýle hem Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Huot Hak bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýahatçylyk industriýasyna halklary ýakynlaşdyrmagyň möhüm guraly hökmünde garap, onda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýahatçylyk desgalaryny dolandyrmakda tejribe alyşmak we iki ýurduň medeni-taryhy mirasyny halkara meýdançasynda wagyz etmek meseleleri maslahatlaşyldy. Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, taraplar syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyny işläp taýýarlamak we oňa gol çekmek barada ylalaşdylar.

Duşuşyklaryň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň uzak möhletleýin we ynanyşykly hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydyklaryny tassykladylar.