img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen gepleşikler geçirdi

photo

Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Awstriýanyň Federal Prezidenti, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen netijeli duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Awstriýanyň öz Bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly senelerini bir wagtda diýen ýaly bellemegi parahatçylyk we döredijilik taglymlarynyň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köp sanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Awstriýa Respublikasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Duşuşykda Awstriýanyň ilkinjileriň hatarynda goşulan Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde-de öz beýanyny tapýar.

Nygtalyşy ýaly, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär. Parlamentara dialogyň ähmiýeti, onuň soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilýändigi hem bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

«Ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda Awstriýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.

Ynsanperwer ulgam iki halky birleşdirýän köpri bolup çykyş edýär. Munuň özi öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalarda öz beýanyny tapýar. Medeni dialog hem yzygiderli ösdürilýär.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Awstriýa bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.