Türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen Ýewraziýa milli uniwersitetinde tegelek stol geçirildi
Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan türkmen talyplaryny 2026-njy ýylda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — maksada okgunly ganatly bedewleriň Watany» atly tegelek stol geçirildi.
Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.
Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen diplomatik gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ugurlarda çuň strategik hyzmatdaşlyga öwrülendigini bellediler.
Öz çykyşlarynda türkmen talyplary Türkmenistanyň abraýyny arşa galdyrjakdyklaryny, halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrjakdyklaryny hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryny nygtadylar.
Öz gezeginde talyplar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň düýbünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasatynyň durandygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen talyplary Türkmenistanyň ygtybarly wekilleri bolup durýandyklaryny hem-de geljekde-de onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Şeýle-de ýokary okuw mekdebinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň çykyşlary diňlenildi. Olar ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklar we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň geljegini ýakynlaşdyrýan möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetde ösdürilýändigini, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň paýhasly syýasaty we ýakyn dialogy netijesinde goýlandygyny nygtadylar.