Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Şunuň bilen baglylykda diplomatlar şu ýyl iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.